Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady

  • 20.05.2025 10:44
  • 3.6k+

Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi. Bu barada makala Science Advances žurnalynda ýerleşdirildi.

Ylmy barlagçylar adamlarda sosial konwensiýalary öwrenmek üçin ulanylýan Naming game oýnundan peýdalanyp, emeli agentler bilen tejribe geçirdi.
Tejribä 24-den 200-e çenli EA agentleriniň topary gatnaşdy. Her bir agent umumy sanawdan haýsydyr bir “ady” (mysal üçin, harplar ýa-da nyşanlar setiri) saýlady. Eger iki agent birmeňzeş at saýlasa, olar sylaglanýardy. Eger dürli at saýlasa – jerime alýar we kimiň nämäni saýlandygyny görýär.
Agentler bir toparyň düzümine girýändigini we özleriniň näçe sanydygyny bilmeýärdi. Olar diňe özleriniň we hyzmatdaşlarynyň näme saýlandygy barada soňky birnäçe synanyşygy ýatda saklaýardy.
Ilkibaşda her agentiň saýlaýan ady dürlüdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen populýasiýada bir umumy pikir peýda bolup başlady – has köp agent şol bir “ady” ulandy. Netijede, hiç kim daşyndan dolandyrmasa-da, umumy dil kadasy döredi.
Şeýle-de, alymlar toparyň pikirleriniň agentleriň her biriniň aýratynlykdaky isleginden tapawutly bolup biljekdigini hasaba aldy.
Awtorlar EA-nyň adamlardan özbaşdak sosial kadalary ösdürip biljekdigini belleýär. Şeýle-de, uly bolmadyk agentler topary beýlekileriň ählisine täsir edip, kesgitlenen kadalary üýtgedip bilýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......