“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy

  • 20.05.2025 10:21
  • 10k+

France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Baýrak üçin dalaşgärler awgust aýynyň birinji ýarymynda yglan ediler. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň dabarasynda ilkinji gezek zenanlar futbolynda iň gowy derwezebana, iň gowy ýaş oýunça we iň gowy hüjümçä baýraklar berler. Şeýlelikde, erkekler we zenanlar futbolynda baýraklaryň sany deň – hersinde alty baýrak bolar.
“Altyn top” 1956-njy ýylda France Football tarapyndan Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna baýrak hökmünde döredildi. 2010-njy ýylda Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we žurnal “Altyn top” bilen “FIFA ýylyň oýunçysy” baýraklarynyň birleşdirilýändigini yglan etdi. 2016-njy ýylyň sentýabrynda France Football FIFA bilen hyzmatdaşlygy bes etdi. Indi 2024-nji ýyldan bäri neşir Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) bilen hyzmatdaşlyk edýär.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......