Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

  • 20.05.2025 07:48
  • 3k+

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär. Bu barada «CarNewsChina» habar berýär.

Elektrikli wersiýasy 258 a.g. (190 kWt) kuwwat berýär, 1,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijili gibrid bolsa 218 a.g. (160 kWt) öndürýär. Iki wersiýa hem öňdäki tigirlerden herekete getirilýär.
Täze «Sports Edition» adaty «EZ-6» wersiýalaryndan gara ýalpyldawuk kuzowy, 19 dýuýmlyk gara ýeňil splaw diskleri we gyzyl supporterleri bilen tapawutlanýar. Salonynda alkantara materialdan bezegler, gyzyl tikinler we özboluşly dekor elementleri ulanylypdyr.
Mundan başga-da, «Mazda» interýer üçin gyzyl yşyklandyrma hem-de «CX-60» krossoweriniň sport wersiýasynda ulanylýan tor görnüşli dizaýny bolan merkezi konsol bezegini goşdy. Enjamlar toplumyna 14,6 dýuýmlyk sensorly multimediýa ekrany, 50 dýuýmlyk proýeksiýa displeýi («Qualcomm Snapdragon 8155» çipsedi bilen) hem-de 14 dinamikadan ybarat Sony ses ulgamy girýär.
«Sports Edition» häzirki wagtda diňe Hytaý bazarynda satuwa çykarylar. «Mazda» Hytaýda «EZ-6» kysymly modellerini ýerli brendiň astynda hödürleýär. Ýewropa bazary üçin bolsa şuňa meňzeş model diňe elektrikli görnüşde «6e» ady bilen hödürlenýär.


04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

19.03.2026 04:19
2.5k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.7k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...