Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly

  • 20.05.2025 07:20
  • 5k+

Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi.

Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar. Tizeriň ýazgysynda Honor şeýle sorag bilen ýüzlenýär: “Eger oňuşmaly boljak bolsa, inçe bolmak nämä gerek?”. Şeýle diýmek bilen, ol smartfonyň inçeligini gazanmak üçin, Samsung-yň akkumulýatoryň kuwwatlylygyndan geçmeli bolandygyny ýaňzytdy.
Samsung Galaxy S25 Edge-i öz hatarynda iň inçe smartfon hökmünde görkezýär. Ýöne şeýle inçe korpusy almak üçin, kompaniýa akkumulýator sygymyny bary-ýogy 3900 mA/sag etmeli boldy. Bu onuň beýleki smartfonlaryndan ep-esli azdyr. Şeýle-de, Gurluş 200 Mp kamera, Snapdragon 8 Elite çipseti, 120 Gs ýygylykly 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeýi, 12 GB operatiw ýat we 256 ýa-da 512 GB saklaýjy bilen enjamlaşdyryldy. Smartfon Google Gemini bilen emeli aň funksiýasyny goldaýar.
Honor smartfony bolsa inçeligine garamazdan, has kuwwatly 5150 mA/sag batareýasy bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa smartfon dünýäsinde “inçe” formanyň “aç” akkumulýator bolmalydygyny aňlatmaly däldigine ünsi çekýär.
Galaxy S25 Edge – klassyky, Magic V3 bolsa eplenýän smartfondygyna garamazdan, Honor olaryň ýogynlygyny deňeşdirmegi öz gurluşynyň artykmaçlygyny görkezmek üçin marketing göçümi hökmünde ulanýar. 


24.02.2026 09:33
1.3k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...