Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi

  • 19.05.2025 19:06
  • 7.9k+

“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy.

“Bu biziň çempionatda islän netijämiz däl. Biz maksadymyza ýetmek üçin köp zähmet çekdik. Şeýle uzak ýyldan soň ähli zady şeýle tamamlamak gaty agyr. Bu meniň bu köýnekçede çempionatda iň soňky oýnum boldy we men ony geýip bilendigime buýsanýaryn. Öňümizde ýekşenbe güni final bar, biz oňa ýeňmek üçin umyt bilen çykarys. Hemişekisi ýaly, bilelikde. Goldawyňyz üçin minnetdar, “Benfikanyň janköýerleri” – diýip, Di Mariýa sosial ulgamlarda ýazdy.

Häzirki wagtda Di Mariýanyň karýerasyny nirede dowam etdirjekdigi belli däl. KHBS oňa “Inter Maýaminiň” gyzyklanma bildirýändigini habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, amerikan kluby futbolçy bilen 24-nji iýula çenli şertnama baglaşmak isleýär.
25-nji maýda “Benfika” we “Sporting” Portugaliýanyň Kubogynyň finalynda duşuşar.
Ýatlap geçsek, şenbe güni “Benfika” Portugaliýanyň çempionatynyň jemleýji 34-nji tapgyrynda “Braga” bilen oýnady. 37 ýaşly argentinalynyň assisti topara ýeňiş gazanmaga kömek etmedi, oýun 1:1 hasabynda tamamlandy. Ugurdaş oýunda “Sporting” “Witoriýany” utup (2:0), “Benfikadan” iki utuk öňe geçdi we ýurduň çempiony boldy.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......