Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär

  • 19.05.2025 19:01
  • 5.7k+

EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi. Ol gajetleriň hyzmat ediş möhletini 12 aý uzaltmagyň her ýyl 2 mln awtomobili ulanylyşdan aýyrmak bilen deň bolan CO2 žyňyndylaryny azaldyp biljekdigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, sarp edijiler gaýtadan dikeldilýän gurluşlary saýlamak we täze enjam satyn almagyň deregine ony bejermäge bermek bilen bu ýagdaýa täsirini ýetirip biler. Bu diňe bir galyndylary azaltman, eýsem öndürijileriň bejeriş işlerine ýaramly modelleri döretmegine itergi berer.  
BMG-niň Global E-waste Monitor 2024 hasabatynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda elektron galyndylarda, takmynan, 62 mlrd dollarlyk gymmatly komponentleriň bardygyna garamazdan, olaryň diňe 22,3%-i ýygnalyp gaýtadan işlendi. 2030-njy ýyla çenli elektron galyndylaryň möçberiniň 82 mln tonna ýetjekdigi, gaýtadan işlemegiň derejesiniň bolsa 20%-e çenli pese gaçjakdygy çaklanylýar.
Ýewropanyň ekologiýa býurosynyň gözlegleri hojalyk tehnikasynyň we elektronikanyň hyzmat möhletini ýene bir ýyl uzaltmagyň CO2 zyňyndylaryny ýylda 4 mln tonna azaldyp biljekdigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, Žeronimonyň belleýşi ýaly, öndürijileriň aglabasy öz gurluşlarynyň bejeriş işlerine ýaramlylygyny gowulandyrmaga howlukmaýar. Bu ugurda diňe Apple-iň we Dell-iň käbir modelleri ösüş görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde dikeldilen smartfonlaryň bazary ösmegini dowam etdirýär: IDC-niň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda şeýle gurluşlaryň üpjünçiligi 309,4 mln birlik boldy we bu 2022-nji ýyldakydan 9,5% köpdür. Bu elektronikany satyn almagyň has durnukly ýollaryna islegiň artýandygyny görkezýär.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......