Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi

  • 19.05.2025 15:07
  • 2.7k+

Computex 2025 sergisiniň öňüsyrasynda Acer kompaniýasy özüniň emeli aňly ilkinji dakylýan gurluşlaryny hödürledi. Bu FreeSense Ring smart-ýüzügi we AI TransBuds nauşnigidir.

FreeSense Ring ýüzügi ultra-ýeňil titan ergininden ýasaldy. Ol ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyna, ýürek ritminiň üýtgemegine, gandaky kislorodyň derejesine we ukynyň hiline gözegçilik edýär. Ähli maglumatlar hal-ýagdaýyňy gowulaşdyrmak boýunça şahsy maslahatlary berýän ykjam goşundyda görkezilýär.
AI TransBuds – bu real wagtda ikitaraplaýyn ses terjimesi bolan nauşnikdir. Gurluş 15 dili goldaýar. Tehniki maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne nauşnik söhbetdeşiň sözleýşini kabul edip, ony eýesine terjime edip bilýän iki mikrofon bilen enjamlaşdyrylar diýip pikir edilýär. Ähtimal, olar eýesiniň hem terjimesini söhbetdeşe eşitdirip biler. Işlemek üçin smartfona ýa-da planşete birikmeli. Gurluşda ulanylýan EA modelleri barada maglumat ýok.

“Netijeli terjime üçin nauşnigi diňe bir adam dakynmaly, bu hem ony resmi däl gepleşikler, iş duşuşyklary, göni ýaýlymlar ýa-da onlaýn okuw sessiýalary üçin tüýs laýyk edýär. Nauşnikler real wagtda subtitrleri we transkripsiýany hem goldap, ulanyjylara hakyky wagtda söhbetdeşligi yzarlamaga we olary soňundan görmäge mümkinçilik berýär” – diýip, Acer belledi.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......