Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi

  • 19.05.2025 15:04
  • 1.8k+

Acer kompaniýasy Computex 2025 sergisinde täze Swift Edge 14 AI flagman noutbugyny görkezdi. Gurluş ykjam dizaýny we ýokary öndürijiligi birleşdirýär. Ol Microsoft Copilot+ programmasy boýunça döredildi we bu ony Windows 11-de EA bilen işlemek üçin amatly edýär.

Noutbugyň agramy magniý-alýumin ergininden ýasalan korpusyň netijesinde bary-ýogy 990 grama barabar. Ol durulygy 2880x1800 piksel bolan 14 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi. Gurluş zarýad bermezden 21 sagada çenli işläp bilýär. Soft-Touch örtükli klawiatura bolsa iş wagty rahatlygy üpjün edýär.
Noutbugyň tehniki aýratynlyklary:

  • ·2880×1800 piksel durulygy bilen 14 dýuýmlyk OLED ekrany;
  • ·Prosessor: Intel Core Ultra 5 226V-den Core Ultra 9 288 В çenli;
  • ·Grafika: Intel Arc 140 В;
  • ·32 GB çenli LPDDR5X operatiw ýady we 1 TB çenli NVMe saklaýjysy;
  • ·65 Wt/sag çenli zarýad beriş;
  • ·Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4 goldawy;
  • ·USB 4 we Thunderbolt 4 goldawy bilen 2х USB-C porty, 2x USB-A, HDMI 2.1, nauşnikler üçin 3,5 mm port.

Acer Swift Edge 14 AI noutbugynyň bahasy we satuw senesi heniz belli däl.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......