Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady

  • 20.05.2025 07:37
  • 3.8k+

Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär.

Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy. Olar ýokary tizlikde burgerleri ýygnap, her gün ýüzlerçe birmeňzeş tagamy taýýarlaýar. Her burger takyklyk bilen goýlan kotletden, sousdan, işdäaçar ýapragyndan, peýnirden we beýleki gerekli önümlerden ybarat.
Robotlar diňe adaty işleri ýerine ýetirýär: eti dograýar, kotletleri gowurýar, burgerleri ýygnaýar we olary podnosa berýär. Şol bir wagtyň özünde restoranda işgärler hem işleýär. Ofisiantlar diňe sargydy berip, myhmanlar bilen gürleşip, hyzmatyň hiline gözegçilik edýär.

“Biziň tehnologiýamyz restoran işini takyk we ygtybarly edýär. Robotlar işgärleri gündelik işlerden boşadyp, olaryň myhmanlarda ýakymly täsiri döretmäge üns bermegine kömek edýär” – diýip, ABB Robotics-iň prezidenti Mark Segura belledi.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......