Italiýaly Massimo Stano sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy

  • 18.05.2025 23:10
  • 5k+

Italiýaly türgen, Olimpiýa çempiony Massimo Stano 35 km-lik sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy. Çehiýada geçirilen Ýewropanyň toparlaýyn çempionatynda ol bu aralygy 2 sagat 20 minut 43 sekuntda geçdi.

Şeýlelikde, Stano 2006-njy ýylda 2 sagat 21 minut 31 sekunt netijäni görkezen russiýaly Wladimir Kanaýkiniň üstünligini täzeledi. Şol bir wagtyň özünde russiýaly türgeniň netijesi zerur şertleriň berjaý edilmändigi sebäpli Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi, ýöne türgen guramanyň saýtynda bu aralykda iň gowy netijäniň eýesi hökmünde görkezildi. Resmi rekord kanadaly Ewan Danfä degişli bolup, 2025-nji ýylyň mart aýynda goýuldy – 2 sagat 21 minut 40 sekunt.
33 ýaşly Stano 20 km ýörişde Tokioda geçirilen Olimpiadanyň altyn medalynyň eýesidir. Bir ýyldan soň, 2022-nji ýylda ol 35 km ýörişde dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.


27.05.2026 18:20
7.1k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

10.05.2026 12:29
4.4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......