Lew Ýaşin IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi

  • 18.05.2025 23:05
  • 7.1k+

SSSR-iň milli ýygyndysynyň we Moskwanyň “Dinamosynyň” öňki derwezebany Lew Ýaşin Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi.

IFFHS boýunça futbol taryhynda iň gowy 10 derwezeban:

  1. Lew Ýaşin (SSSR)
  2. Janluiji Buffon (Italiýa)
  3. Manuel Noýer (Germaniýa)
  4. Iker Kasilýas (Ispaniýa)
  5. Gordon Benks (Angliýa)
  6. Petr Çeh (Çehiýa)
  7. Dino Dzoff (Italiýa)
  8. Zepp Maýer (Germaniýa)
  9. Rikardo Zamora (Ispaniýa)
  10. Oliwer Kan (Germaniýa)

Lew Ýaşin professional oýun karýerasyny Moskwanyň “Dinamosynda” geçirdi. Ol häzire çenli taryhda “Altyn topa” mynasyp bolan (1963) ýeke-täk derwezeban bolup galýar. Onuň bilen bilelikde SSSR-iň milli ýygyndysy 1956-njy ýylyň Olimpiýa ýaryşynda, 4 ýyldan soň bolsa Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji boldy.
Meşhur derwezeban 1990-njy ýylda 60 ýaşynda aradan çykdy.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......