12 ýyl mundan ozal çykan GTA V-iň satuwy soňky çärýek 5 mln nusga artdy

  • 18.05.2025 22:52
  • 5.1k+

Take-Two Interactive kompaniýasy soňky çärýek üçin maliýe hasabatyny hödürläp, Rockstar Games taslamalary boýunça maglumatlar bilen paýlaşdy.

Hasabata görä, GTA V-iň satuwy 215 mln nusga ýetdi, bu bolsa fewral aýyndaky 210 mln bilen deňeşdirilende 5 mln nusga köpdür. Umuman, Grand Theft Auto seriýasy bütin dünýäde tas 450 mln nusga bilen satyldy, üç aýda ösüş 10 mln boldy. Şeýle-de, GTA+ ýazylyşygyna islegiň durnuklydygy we GTA V boýunça maliýe çaklamalarynyň ýokarlanandygy bellendi.
Bu döwürde Red Dead Redemption 2 oýny 4 mln nusga bilen satyldy we 74 mln nusga ýetdi. Red Dead-iň ähli seriýalarynyň satuwy 100 mln nusgadan gowrak boldy. Oýunçylaryň oýna bolan islegi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23% artdy.
Ýokary satuwa garamazdan, Take-Two 4,49 mlrd dollar möçberde arassa ýitgini hasaba aldy. Kompaniýa muny uly taslamalary taýýarlamak üçin çykdajylaryň artmagy bilen baglanyşdyrdy.
Häzir kompaniýa GTA VI-a aýratyn üns berýär, onuň önümçiligi 2018-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Işjeň tapgyr 2020-nji ýylda başlady. IGN oýnuň býujetiniň 1 mlrd dollardan geçendigini habar berdi, bu hem ony oýun pudagynda iň gymmat taslama öwürdi. Reliz 2026-njy ýylyň 26-njy maýyna meýilleşdirilýär, ýöne möhlet üýtgäp biler – bu GTA V we Red Dead Redemption 2 bilen hem şeýle boldy.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......