Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy

  • 18.05.2025 22:33
  • 5k+

Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy.

Täze multfilmde aýdymçy Smurfetta ses berdi we KHBS-iň maglumatlaryna görä, onuň taslama gatnaşmagy oňa 65 mln dollar getirdi.
“Friend of Mine” aýdymynyň klibinde Rianna diňe ahyrynda birnäçe sekuntlyk peýda bolýar. Wideoda esasy hereket tans edýän animirlenen smurflaryň töwereginde bolup geçýär. Bu aýdym Desi Trill, DJ Khaled, Cardi B, Natania we Subhi tarapyndan ýazylan “Higher Love” aýdymyndan soň film üçin ikinji saundtrek boldy.
Riannanyň soňky studiýa albomy 2016-njy ýylda çykdy. Geçen ýyl aýdymçy “garaşylmadyk” we “täjirçilik däl” boljak täze albomynyň üstünde işleýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ol muşdaklary haýran galdyrmak üçin “ähli zady täzeden başlaýar”. 

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......