Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar

  • 18.05.2025 22:43
  • 11k+

Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr.

Tas bir trillion dollarlyk aktiwleri dolandyrýan PIF HMMME-niň paýnamalarynyň 70%-ine, Hyundai bolsa 30%-ine eýeçilik edýär.
Hyundai üçin Ýakyn Gündogarda ilkinji zawod 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde awtomobil önümçiligine başlar. Onda her ýyl 50 000 awtomobil, şol sanda içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglar we elektromobiller öndüriler.
PIF-iň müdiriniň orunbasary Ýazid A.Alhumeýd gaznanyň iş orunlaryny döretmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, hyzmatdaşlyk arkaly awtoulag pudagyny ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Hyundai Motor Group-yň wise-başlygy Jehon Çan, öz gezeginde, bilelikdäki kärhananyň “Görüş 2030” meýilnamasynyň çäklerinde häzirkizaman başarnyklary bilen ýerli zehinleri ösdürmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi.
Bellenilişi ýaly, HMMME zawody we Hyundai bilen hyzmatdaşlyk PIF-iň awtomobil pudagynda Saud Arabystanynyň ornuny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň bir bölegidir. 


02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....