TikTok meditasiýa funksiýasyny işe girizdi, ol ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek eder

  • 17.05.2025 19:34
  • 6.3k+

TikTok meditasiýa funksiýasynyň işe girizilendigini habar berdi. Ol ukyny gowulandyrmaga we gije programmada sarp edilýän wagty azaltmaga gönükdirilendir. Ozal bu funksiýa ýetginjekleriň arasynda synagdan geçirildi, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir.

18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin bu funksiýa awtomatik ýagdaýda işleýär. 22:00-dan soň teklipler lentasy saklanýar we köşeşdiriji interfeýs, dem alyş maşklary we rahatlandyryjy saz bilen meditasiýa işläp başlaýar. Eger ýetginjek programmany ulanmagyny dowam etdirse, dynç almagyň zerurdygy barada ekrany tutup duran ýatlatma gaýtadan peýda bolýar.
Uly ýaşly ulanyjylar bu funksiýany sazlamalarda el bilen işledip biler. Munuň üçin “Ekran wagty” bölümine geçip, “Uky wagty” opsiýasyny saýlamaly we gerek wagty gurnamaly.
Täze funksiýa TikTok-yň lentany görmegini bes edip bilmeýän ulanyjylaryň psihiki saglygyny goldamak başlangyjynyň bir bölegidir. Bu maksatnamanyň çäklerinde kompaniýa 22 ýurtda psihiki saglyk meseleleri bilen meşgullanýan 31 gurama mahabat kreditleri görnüşinde 2,3 mln dollar bölüp berdi. Bu serişdeler bilim mazmunyny döretmäge we akyl saglygy barada habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ozal TikTok ulanylyş wagtyny we mazmuna elýeterliligi çäklendirmek mümkinçiligi bilen ene-ata gözegçiligini girizipdi. Meditasiýa funksiýasy bu çäreleriň üstüni ýetirip, sagdyn sanly endikleri kemala getirmäge kömek edýär.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......