Ronaldu yzygider üçünji ýyl iň köp gazanýan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 17.05.2025 13:22
  • 10k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu yzly-yzyna üçünji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň köp gazanýan türgeni diýlip ykrar edildi. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli onuň girdejisi 275 mln dollara ýetipdir.

Bellenilmegine görä, şol mukdaryň 225 milliony aýlyk haklardan we bonuslardan, galan 50 milliony bolsa sponsorlyk şertnamalaryndan gelýär.
Sanawda ikinji orny «Golden Steýt Uorriorz» basketbol toparynyň oýunçysy Stefen Karri eýeleýär – onuň girdejisi 156 mln dollar (56 mln – aýlyk haklardan, 100 mln – sponsorlykdan). Üçünji orunda bolsa, britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ýerleşýär, onuň gazanjy 146 mln dollar (140 mln – baýrak pullary, 6 mln – sponsorlykdan).
«Forbes» žurnalynyň sanawyna 50 türgen girizildi. Ilkinji 10-luk aşakdaky ýaly:

  • ·Dak Preskott (amerikan futboly) – 137 mln dollar
  • ·Lionel Messi (futbol) – 135 mln dollar
  • ·Lebron Jeýms (basketbol) – $133 mln dollar
  • ·Huan Soto (beýsbol) – $114 mln dollar
  • ·Karim Benzema (futbol) – $104 mln dollar
  • ·Sýoheý Ohtani (beýsbol) – $102,5 mln dollar
  • ·Kewin Dýurant (basketbol) – $101,4 mln dollar

şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......