Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi

  • 17.05.2025 09:10
  • 2.9k+

Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär.

Samir Samatyň sözlerine görä, Pixel ulanyjylary indiki aýdan başlap täzelenmelere gözegçilik etmeli. Ozal Android 16-nyň 3-nji iýunda çykjakdygy barada gürrüňler bardy, bu hem aýdylan wagt bilen gabat gelýär. Elbetde, ýalňyşlyklar ýüze çyksa, Android 16-nyň çykarylyşy yza süýşürilip bilner.
Google-yň wekili şeýle hem Samsung enjamlarynyň Android 16 täzelenmesini tomusda aljakdygyny aýtdy. Şeýle-de bellärlikli zat, Samsung entek Android 16-nyň beta wersiýasyny hem çykarmady we hatda enjamlaryny Android 15-e täzelemek prosesini hem doly tamamlamady, ol birnäçe gezek yza süýşürildi.
Honor, OnePlus, OPPO, Motorola, realme, vivo, Xiaomi we beýleki brendleriň smartfonlaryny ulanýanlar bolsa, täzelenmäni tomsuň ahyrynda ýa-da güýzde alar.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...