Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

  • 17.05.2025 08:59
  • 8.2k+

Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi.

«Bu Boeing-iň taryhyndaky iň uly uçar sargydy we bu gaty gowy. 200 mlrd dollardan gowrak we 160 uçar – bu ajaýyp» — diýip, «Reuters» agentligi prezidentiň sözlerini getirýär.

Bu habaryň yzýany, çarşenbe günündäki söwdalarda awiagurluşyk kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 1,6% ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa, paýnamalarynyň gymmaty 16,8% artdy.
Şertnama Tramp bilen Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda gol çekildi. Şertnamanyň jikme-jiklikleri, şol sanda uçarlaryň modelleri heniz mälim edilmedi. Häzirki wagtda «Qatar Airways» awiakompaniýasynyň awiaparkynda 238 uçar bar.
Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleninden soň, 14-nji maýda ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde resmi sapar bilen Katara bardy. Duşuşygyň dowamynda, iki ýurduň liderleri 1,2 trln dollarlyk ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna hem gol çekdiler.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......