Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar

  • 17.05.2025 09:04
  • 2.3k+

Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.

Ulanyjylaryň ýazmagyna görä, käbir ýagdaýlarda «AI Mode» düwmesi göni gözleg setiriniň içinde ýerleşýär, käbir ýagdaýlarda bolsa ol gözleg setiriniň aşagyndaky «Altyn aşygym alçy gop!» (I’m Feeling Lucky) düwmesiniň ýerine geçýär. Täze düwmäniň görnüşi hem beýlekilerden birneme üýtgeşigräk: kursory onuň üstüne getireniňde, dürli reňkli çarçuwa peýda bolýar.
Google-yň wekili Eşli Tomson «AI Mode» gözleginiň häzirki wagtda diňe Google Labs-yň ulanyjylary üçin elýeterlidigini aýtdy.

«Biz köplenç adamlaryň peýdaly funksiýalarymyza giriş mümkinçiligini üpjün etmegiň dürli usullaryny synagdan geçirýäris. Bu şular ýaly köp synaglaryň diňe biridir» — diýip, ol aýtdy.

«Altyn aşygym alçy gop!» düwmesiniň «AI Mode» bile çalşyryljakdygy barada entek resmi tassyklama ýok. Bu üýtgeşme, ähtimal, bu düwmä öwrenişen ulanyjylary gynandyryp biler. Belki-de, Google bu üýtgeşmäni göz öňünde tutup, emeli aň bilen işleýän gözlegiň has täsirli we döwrebapdygyny görkezmek isleýändir.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....