Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar

  • 16.05.2025 17:04
  • 2k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener.

Gurluş MateBook Fold Ultimate Design adyny alar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda çykarylan ilkinji üç bölekden ybarat eplenýän smartfonyň – Huawei Mate XT Ultimate Design-yň ideýasyny ösdürer. Şol wagt bu smartfon uly gyzyklanma döretdi: 3 müň dollar baha bilen on günüň dowamynda onuň üçin 6 milliondan gowrak sargyt kabul edildi.
Täze noutbugyň aýatynlyklary barada kän maglumat ýok. Ol 2 GB operatiw ýat we 2 TB içki saklaýjy bilen üpjün ediler. Şeýle-de, Huawei PK üçin öz operasion ulgamyny – HarmonyOS-y taýýarlaýar. Ol Windows-y çalyşjak OS hökmünde görkezilýär.
Işläp düzüjiler bu ulgamda howpsuzlyga aýratyn üns berdi. Munuň Huawei-niň ilkinji operasion ulgamydygy üçin, oňa jogapkärçilikli çemeleşildi: onda köp tapgyrlaýyn tassyklaýyş ulgamy hem-de kamera, mikrofona we geolokasiýa elýeterliligi doly ýapýan ýokary derejede gorag režimi göz öňünde tutuldy.
PK üçin HarmonyOS-yň hem tanyşdyrylyşy 19-njy maýa meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, Huawei çeýe ekranly noutbuk çykaran ilkinji kompaniýa bolmaz – şeýle modeller eýýäm Asus-da we Lenovo-da bar. Ýöne bilermenler kompaniýanyň öz çibini, OS-yny ulanandygy we özboluşly formasy üçin täze gurluşa gyzyklanmanyň ýokary bolmagyna garaşýar. 


16.12.2025 17:18
2.5k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.7k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...