Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner

  • 16.05.2025 16:29
  • 4.4k+

The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler. Çünki, Plus wersiýalar, adatça, beýlekilerden gowşak satylýar.

Kompaniýany zerur şaýlar bilen üpjün edijileriň maglumatlaryna görä, Samsung ýakynda NPA kod ady bilen Galaxy S26-ny işläp taýýarlamak taslamasyny işe girizdi (deňeşdirmek üçin, S25 hatary PA ýa-da Paradigm diýlip atlandyryldy). Taslama häzirlikçe irki tapgyrda we Samsung tiz wagtdan esasy hem ätiýaçlykdaky üpjün edijileri saýlar.
2025-nji ýylda Samsung 37,7 mln Galaxy S25 smartfonyny ýola goýmagy meýilleşdirýär, olardan Plus modeliniň paýyna bary-ýogy 6,7 mln, adaty wersiýa – 13,6 mln, Ultra modeline bolsa 17,4 mln smartfon düşýär. Galaxy S25 Edge smartfonynyň bazar üstünligi onuň geljekki ykbalyny kesgitlär: eger S25 Edge garaşylan netijäni bermese, kompaniýa Plus modelini S26 hataryna gaýtaryp biler.
2020-nji ýyldan bäri premium modellere bolan isleg artýar. Ultra modelleri Galaxy S satuwynyň 40%-den gowragyny, iPhone-yň Pro modelleri bolsa Apple-iň satuwynyň 60%-den gowragyny üpjün edýär. Apple hem iPhone 17 hatarynda Plus modelini has inçe wersiýa bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. 


24.02.2026 09:33
1.3k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...