Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer

  • 16.05.2025 15:54
  • 2k+

Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer. Moda görkezilişi 4-nji noýabrda Singapurda geçiriler diýip, «WWD» neşiri habar berýär.

«Dinamiki we köpmedeniýetli şäher bolan Singapur Aziýa açylýan özboluşly geçelgedir. Bu ugur taryhy mirasyň, häzirki zaman bilen energiýanyň sazlaşykly utgaşmasy bilen tanalýar, bu bolsa moda öýüniň gymmatlyklary bilen örän sazlaşyklydyr» — diýip, moda öýüniň beýanatynda aýdylýar.

Bu kolleksiýa ozal Komo kölüniň kenaryndaky d’Este willasynda görkezilipdi. Aziýada gaýtadan görkezilmeginiň maksady bolsa, sebitdäki auditoriýanyň ünsüni çekmekdir.
Chanel-iň prezidenti Bruno Pawlowski geçen ýyl kompaniýanyň Hytaýdaky we Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky satuwlarynyň haýallandygyny aýdypdy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....