Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy

  • 16.05.2025 15:56
  • 4.4k+

San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar.

Monte-Gordo çekirtgesi (Eyprepocprifas insularis) 40 ýyldan gowrak wagtdan soň ýene tapyldy. Iň soňky gezek ol 1980-nji ýylda görlüpdi we bu ýeke-täk tassyklanan gözegçilikdi. 1996-njy ýylda entomolog Mişel Lekok görnüşiň ýok bolandygyny ykrar etdi.
Bu açyş biologlar Rob Feliks bilen Annelis Jeýkobsyň dynç alyş rugsadyny geçirýän ýeri bolan San-Nikolau adasynda edildi. Olar çekirtgäniň ykbaly bilen gyzyklandylar we ony tapmaga synanyşdylar. Eýýäm birinji agşam Rob deňiz guşlarynyň koloniýasynyň golaýyndaky ýodada üýtgeşik bir jandary gördi. Elçyrasyny ýakyp seredende alnyndakynyň şol çekirtgedigine düşündi. Soňra barlagçylar Monte-Gordo tebigy seýilgähinde hem onuň ýene birnäçe sanysyny  tapdylar.
Eyprepocprifas insularis - millionlarça ýyl bäri üýtgemän, özboluşlylygyny saklap galan endemik adalardyr. Onuň iň ýakyn häzirki zaman kowumdaşlary ýok. Ol gurakçylykda, güýçli ýellerde we Afrikadan getirilen täze görnüşler bilen bäsdeşlik şertlerinde diri galmagy başardy.
Hünärmenleriň sözlerine görä, açyş adanyň ekologiýasyna we onuň takmynan 5 million ýyllyk ewolýusiýa taryhyna düşünmek üçin möhümdir. Alymlar indi bu seýrek görnüşi we onuň ýaşaýan ýerini goramak boýunça çäreleriň işlenip düzüljekdigine umyt baglaýarlar.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......