Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy

  • 15.05.2025 21:15
  • 4.3k+

Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.

Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi. Auksion 9 mln Şweýsariýa frankyndan (takmynan, 10,8 mln dollar) başlady, ahyrky baha bolsa 17,9 mln frank (21,5 mln dollar) boldy. Alyjy ABŞ-dan şahsy kolleksioner boldy, ýöne onuň ady aýan edilmeýär.
Bu daş 2024-nji ýylda Günorta Afrikadaky Kullinan käninde tapyldy. Auksiondan öň ol Abu-Dabide Sotheby’s sergisiniň çäklerinde umumy bahasy 100 mln dollardan gowrak bolan beýleki gymmat bahaly daşlar bilen bilelikde görkezildi.


Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda Sotheby’s-yň zergärlik bölüminiň başlygy Kuig Brýuningiň aýtmagyna görä, “mawy göwherler gymmat bahaly seýrek daşlaryň piramidasynyň çür depesinde durýar”. Ol Mediterranean Blue-nyň möwsümiň esasy daşyna öwrülendigini belledi.
77 Diamonds kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tobis Kormind auksionyň netijesiniň garaşylyşy ýaly haýran galdyryjy bolmandygyny belledi, ýöne bahanyň 20 mln dollardan geçmeginiň daşa bolan gyzyklanmany görkezýändigini aýtdy. Ol alyjylaryň çekinjeňligini syýasy we ykdysady durnuksyzlyk bilen baglanyşdyrdy.
Auksionyň maglumatlaryna görä, almazlaryň diňe 0,3%-iniň mawy reňki bar we diňe 1%-i Fancy Vivid Blue kategoriýasyna girýär. Mediterranean Blue-nyň agramy ilkibaşda 31,93 karatdy. Onuň mawy reňki düzüminde boruň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......