Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi

  • 15.05.2025 12:03
  • 3.4k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi, ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi.

Wideoda tanymal tennisçi söz bilen çykyş edýär we onuň dowamynda Rojer Federer, Nowak Jokowiç, Stefanos Sisipas, Gael Monfis, Kori Gauff, Arina Sobolenko, Iga Şwýontek ýaly belli tennisçileriň, şeýle-de mümkinçiligi çäkli oýunçylaryň gatnaşmagynda “Rolan Garrosda” geçirilen oýunlardan kadrlar görkezilýär.
Ýatlap geçsek, 38 ýaşly Nadal ýekelikde “Rolan Garrosyň” 14 gezek ýeňijisidir we bu “Uly tuwulganyň” bir ýaryşynda gazanylan ýeňişler boýunça rekord hasaplanýar. Türgen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda professional karýerasyny tamamlady.
2025-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň esasy oýunlary 25-nji maýda başlar we 8-nji iýunda tamamlanar.


18.07.2025 06:42
5.8k+

Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasyndaky 106 ýyllyk dress-kody ýatyrdy

Patyşa Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasynda tennisçileri ak eşik geýmäge borçlandyrýan düzgüni ýatyrdy. Bu barada The Times neşiri habar berýär. Täze düzgün 106 ýyl – 1919-njy ýylda kort gurlandan bäri hereket eden däbi ýatyrýar...

11.06.2025 22:32
5k+

Nadalyň “Rolan Garros – 2017-niň” finalyndaky raketkasy rekord pula satyldy

Rafael Nadalyň 2017-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň finalynda ulanan Babolat raketkasy auksionda 157,3 müň dollara satyldy. Bu häzire çenli tennis raketkasy üçin tölenen iň ýokary mukdardyr diýip, ESPN habar berýär...

18.07.2024 11:02
2.2k+

Timoti Şalame täze filmde stol tennisi boýunça çempionyň keşbini ýerine ýetirer

Timoti Şalame stol tennisi boýunça professional oýunçy Marti Reýsman barada gürrüň berjek täze “Marty Supreme” filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Variety habar berýär. Filmiň režissýory bolup “Gyraňlanmadyk...

düýn 18:25
4.2k+

Fabergé Bond baradaky filmiň şanyna 177 müň dollarlyk altyn ýumurtga çykardy

Fabergé zergärlik öýi Jeýms Bond baradaky wakalaryň üçünji bölümi bolan “Goldfinger” filminiň 60 ýyllygy mynasybetli 177 müň dollardan gowrak bahaly ýumurtgany hödürledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär...