Messi gowy görýän gollarynyň birini sungat eserine öwrer. Ol auksionda satylar

  • 15.05.2025 11:57
  • 11k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messi öz gowy görýän goluny sungat eserine öwrer we ol haýyr-sahawat auksionynda satylar. Bu barada Independent habar berdi.

“Altyn topuň” sekiz gezek eýesi 22-nji maýda ähli gollarynyň arasyndan özi üçin iň gymmatly goluň haýsydygyny aýdar. Şondan soň Messi suratkeş Refik Anadol bilen bilelikde saýlanan goluň şekiliniň esasynda sungat eserini döreder.
Netijede alnan eser 11-nji iýunda Nýu-Ýorkda Christie’s auksion öýi tarapyndan auksiona çykarylar. Auksionyň ýeňijisi 25-nji iýulda yglan ediler. Messi satuwdan alnan girdejini haýyrly maksatlara gönükdirer.

“Ähli gollardan diňe birini saýlamak örän kyn. Olaryň her biri özboluşly, käbirleri bolsa, hakykatdanam, möhüm bolup, ajaýyp ýatlamalary döredýär. Ýöne bu özboluşly taslamany mümkin etmek üçin, ilkinji gezek olaryň arasyndan birini has tapawutlandyrmak ähmiýetli iş. Munuň aňyrsynda güýçli maksat bar” – diýip, Messi belledi.

Messi taryhda iň beýik futbolçylaryň biri. Ol häzir “Inter Maýami” klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitanydyr. Messi karýerasynda dünýä çempiony titulyna, altyn Olimpiýa medalyna, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda dört kuboga eýe boldy.


şu gün 10:24
2.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......