Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady

  • 15.05.2025 11:50
  • 6.9k+

The Unusual Suspect YouTube kanalynyň awtory 331 filmden we teleşoudan replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymynyň üýtgeşik wersiýasyny döretdi. Wideo eýýäm ýaýrady.

Bu aýdymda filmlerden alnan bölekler Eminemiň aýdymy hakykatda aýdyşy ýaly tizlikde ýaňlanýar. Her bir sitata ulanyjylar üçin düşnükli bolar ýaly subtitrler bilen berilýär. Bu aýdymda “Garri Potter”, “Şa Ýolbars”, “Doňan ýürek”, “12 gaharly erkek”, “Nýu-Ýorkuň bandalary”, “Amerikaly näsag”, “Lilo we Stiç’, “Doganlar Blýuz” we “Wampir bilen söhbetdeşlik” ýaly filmlerden sahnalar ulanyldy.
The Unusual Suspect şeýle taslamalary ozal hem döredipdi. Mysal üçin, ol 257 filmi ulanmak bilen Billi Joeliň “We Didn’t Start the Fire” aýdymyny döretdi. Şeýle-de, ol M.I.A-nyň “Paper Planes” kompozisiýasy üçin klip taýýarlady.
Eminem “Lose Yourself” rep aýdymyny (iňlisçeden – “Özüňi ýitirmek”) 2002-nji ýylda “Sekizinji mil” (8 Mile) filmine saundtrek üçin ýazdy. Ol bu filmde baş keşbi ýerine ýetiripdi. The Unusual Suspect-iň wideosyndaky klibiň hem bu filmiň ahyryndaky kadrdan başlaýandygyny bellemek gerek. 
Bu aýdymy üçin Eminem köp sanly baýraklara, şol sanda 2003-nji ýylda “Film üçin iň gowy aýdym” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy. Aýdym 2,5 aý çartlarda birinji orunda durdy, bu hem rekord boldy.
Aýdym Billboard Hot 100 çartynda birinji orny, şeýle-de Rolling Stone žurnaly boýunça ähli döwrüň iň beýik 500 aýdymynyň sanawynda 166-njy orny eýeledi.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......