Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi

  • 14.05.2025 15:55
  • 5.4k+

Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr.

Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy. Çalt hereketli sahnalary has aýdyň görkezmek üçin bolsa ProScaler tehnologiýasynyň goldawy bar.

Ekran Corning Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy bilen goraldy we titan çarçuwa eýe boldy. Yzky panel Gorilla Glass Victus 2 aýnasyndan ýasaldy. Smartfon IP68 ülňüsine laýyk gelýär. Ekranda ultrasesli barmak yzynyň skaneri ýerleşdirildi.
Frontal kamera – 12 Mp. Esasy kamera iki sany: optiki durnuklaşdyrma bilen 200 Mp we giňburçly 12 Mp. Kamera awtomatik sazlamak üçin ProVisual Engine EA tehnologiýasyny ulanýar, Adaptive Pixel funksiýasy bolsa reňk takyklygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de, gowşak ýagtylykda suratyň hilini gowulandyrýan Galaxy Nightography tehnologiýasy bar.

Smartfon Snapdragon 8 Elite prosessory, 12 GB operatiw ýat we 256 ýa-da 512 GB saklaýjy bilen üpjün edildi. Korpusyň inçe bolmagy üçin öndüriji akkumulýator batareýasynyň sygymyndan geçmeli boldy – 25 Wt kuwwatly (Galaxy S25 hatarynyň beýleki wekillerinde 45 Wt) zarýad alyş bilen bary-ýogy 3900 mA/sag. Şeýle-de bolsa, Samsung gurluşyň energiýa tygşytlaýyş ulgamlarynyň netijesinde ýokary awtonomlygy üpjün edýändigini nygtaýar.
Galaxy S25 Edge smartfony Galaxy AI bukjasyndan Circle to Search, Now Bar, Now Brief ýaly EA funksiýalaryny, şeýle-de Audio Eraser, Object Eraser we Sketch to Image redaktirleme gurallaryny goldaýar. Köp funksiýalar oflaýn režimde hem elýeterlidir.

Smartfon One UI 7 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär, 5G, Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4 goldawy bar.
Alyjylar üçin korpusyň gara, gök we çal reňkleri elýeterli.
Smartfonyň bahasy 256 GB üçin 1249 ýewro we 512 GB üçin 1369 ýewro.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...