Gaty batareýalaryň zarýad alşyny rekord derejä çenli tizleşdirýän material döredildi

  • 14.05.2025 16:11
  • 2.8k+

Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň (TUM) alymlary batareýalara çalt zarýad almaga we howpsuz işlemäge mümkinçilik berýän täze materialy döretdi. Ol geljekki akkumulýatorlar, aýratynam, elektromobiller we ykjam gurluşlar üçin esas bolup biler.

Täze material litiý-ionlary beýleki islendik materiallardan 30% tiz geçirýär. Bu bolsa batareýanyň çalt zarýad alyp, durnukly işläp biljekdigini aňladýar.
Material professor Tomas Fessleriň ýolbaşçylygynda döredildi we eýýäm patent aldy. Ol litiden, surmadan we skandiden ybarat. Alymlar litiý atomlarynyň bir bölegini skandiý bilen çalyşdy, netijede materialyň gurluşynda “boşluklar” döredi. Bu boşluklar ionlara tiz hereket etmäge mümkinçilik berip, rekord geçirijiligi üpjün edýär.
Täze material adaty litiý-ion batareýalaryndan has durnuklydyr. Ol ýanma töwekgelçiligini azaldýar we himiki önümçilik üçin laýyk gelýär. Gurluşdaky “boşluklar” ionlar üçin “tizlikli ýollar” hökmünde hereket edýär. Ylmy gözlegçi Szinwen Szýanyň aýtmagyna görä, konsepsiýa litiý-fosfor ýaly beýleki materiallar üçin hem ulanylyp bilner we ol artykmaç goşundy bolmazdan, diňe skandini talap edýär.
Material hem ionlary, hem elektronlary geçirýär, şonuň üçin elektrodlarda hem ulanylyp bilner. Professor Fessler açyşyň ýokary geçirijilikli täze materiallar üçin esas bolup biljekdigini öňe sürýär.
Ýöne tehnologiýa häzirlikçe goşmaça synaglary talap edýär. Alymlara onuň hyzmat ediş möhletini we bar bolan tehnologiýalar bilen gabat gelijiligini barlamak gerek. Geljekde topar ony köpçülikleýin önümçilige goýbermegi meýilleşdirýär.


düýn 17:05
5.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......