Täze Bluetooth 6.1 standarty hödürlendi: ol maglumatlaryň goragyny güýçlendirýär we zarýady tygşytlaýar

  • 14.05.2025 14:26
  • 1.9k+

Bluetooth SIG resmi taýdan Bluetooth 6.1 standartyny hödürledi. Ol arabaglanyşygy tiz ýa-da uzak etmeýär, ýöne maglumatlary has gowy goraýar we energiýany tygşytlamaga kömek edýär.

Esasy aýratynlyk Random Resolvable Private Address (RPA) tehnologiýasynda jemlenýär. Ol gurluşyň Bluetooth-salgysyny yzygiderli üýtgedýär we muny şifrlenen görnüşde edýär. Bu hem gurluşy trekerlerden we skanerlerden “gizläp”, şahsy maglumatlaryň goragyny güýçlendirýär.
Şeýle-de, RPA energiýanyň sarp edilişini azaldýar. Gurluşa öz şahsyýetini tassyklamak üçin hemişe baglanyşykda bolmagyň zerurlygy ýok, bu hem batareýanyň zarýadyny tygşytlaýar. Täze standart Bluetooth-yň arhitekturasyny üýtgetmezden, ony has ygtybarly we netijeli edýär.
Gürrüňler iPhone 17 Pro-nyň Bluetooth 6.1 goldawyny alyp biljekdigini görkezýär, ýöne resmi tassyklama heniz ýok. Ulanyjylara öndürijilerden anonsa garaşmak galýar.
Bluetooth SIG eýýäm indiki wersiýanyň – Bluetooth 6.2-niň üstünde işleýär. Onuň relizi 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Bu barada maglumat ýok, ýöne gurama tehnologiýany hasam kämilleşdirmegi wada berýär.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......