Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi

  • 14.05.2025 11:07
  • 1.3k+

Samsung kompaniýasy täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny hödürledi. Täze gurluş Odyssey OLED G6 hataryna degişli bolup, G60SF adyny aldy.

Model diňe kümüşsöw reňkde we 27 dýuým diagonal bilen elýeterli bolar. Yzky panelde RGB yşyklandyrmasy hem göz öňünde tutuldy.
Samsung Odyssey OLED G6 G60SF ekranynyň esasy aýratynlyklary:

  • ·Matrisa – QD-OLED;
  • ·2560×1440 piksel durulyk;
  • ·Reaksiýa wagty – 0,03 ms (GTG)
  • ·Iň ýokary ýagtylyk – 1000 nit;
  • ·VESA DisplayHDR True Black 500 şahadatnamasy;
  • ·Pantone Validated şahadatnamasy;
  • ·Nvidia G-SYNC Compatible goldawy;
  • ·AMD FreeSync Premium Pro goldawy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED monitordyr. Bu onuň şekili sekuntda 500 gezek täzeläp bilýändigini aňladýar. Öndürijiniň beýanynda şeýle diýilýär:

“Biz oýun öndürijiligini, wizual hili we oýun dünýäsine aralaşmagy düýbünden täze belentliklere çykarmak bilen, dünýädäki geýmerler üçin ekranlaryň täze neslini hödürleýäris”.

Deslapky sargyt Samsung-yň resmi saýtynda eýýäm açyk. Gurluşyň bahasy 200 dollar arzanladyş bilen 1488 dollara barabar. Ol müşderilere 18-nji maýda iberilip başlanar.
Ilkibaşda monitor Singapurda, Tailandda, Wýetnamda we Malaýziýada satuwa çykar. Onuň dünýä bazaryna hem şu ýylyň dowamynda çykmagyna garaşylýar.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...