Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi

  • 14.05.2025 10:30
  • 5.7k+

Italian Sea Group gämi gurluşyk kompaniýasy Giorgio Armani moda öýi bilen bilelikde döredilen ilkinji Admiral Armani mega-gämisini suwa goýberdi. 72 metrlik gäminiň konsepti iki ýyl ozal hödürlenipdi diýip, Sail-World ýazýar.

Dabara kompaniýanyň Marina di Carrara şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi. Çärä kompaniýanyň wekilleri, Armani Group topary, ýerli häkimiýet we gämi gurluşykçylary gatnaşdy.
Bu doly derejede Jorjio Armani tarapyndan taslanan iki gäminiň birinjisidir. Gäminiň taslamasy Project Metamorphosis diýlip atlandyrylýar we Centro Stile The Italian Sea Group dizaýnerlik bölümçesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi.
2 000 tonna suwy gysyp çykarýan gämi buzly suwlarda hem ýöremäge mümkinçilik berýän korpus we alty otagly esasy paluba bilen üpjün edildi. Onuň geçýän menzili 6 000 deňiz miline barabar. Gäminiň daşky keşbi we interýeri Armaniniň stilini görkezýär – onda agraslyk bilen ýumşaklyk utgaşýar. Interýer Armani/Casa studiýasy tarapyndan bezeldi. Içinde poldan potologa çenli panorama penjireleri, satin alýumin, gara mermer, altynsow daş Calacatta, hoz agajy, aýna we dokma önümleri ulanyldy.  
Ýokarky palubalar asylan eýwanlary ýada salýar. Bortda launž-zolaklar we dikuçar meýdançasy bar.
Gämi Monaco Yacht Show 2025 sergisinde hödürlener. Ilkibaşda ony 2024-nji ýylda görkezmek meýilleşdirildi, ýöne goşmaça täzelenmeler sebäpli möhlet yza süýşürildi. Gäminiň bahasy gurluşyk tapgyrynda 105 mln ýewro barabardy.

düýn 23:58
330

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......