Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy

  • 14.05.2025 10:26
  • 3.2k+

19-njy Wenesiýa binagärlik biennalesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň gowy milli pawilýon üçin baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” Heatwave taslamasy üçin Bahreýn aldy. Bu taslamanyň ýolbaşçysy binagär Andrea Faraguna boldy. Bu barada baýragyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu ýyl biennaleniň temasy – Intelligens. Natural. Artificial. Collective (“Aň: Tebigy. Emeli. Köpçülikleýin”). Serginiň jogapkär ýolbaşçysy italiýaly binagär Karlo Ratti boldy. Biennale 25-nji noýabra çenli dowam eder.
Heatwave taslamasy passiw sowadyş, geotermal çeşmeler we wentilýasiýa üçin Gün turbalary ýaly çözgütleri ulanyp, binagärligi Pars aýlagyndaky aşa yssylyga uýgunlaşdyrmaga bagyşlanýar.
Aýratyn öwgä Watikanyň Opera Aperta pawilýony mynasyp boldy. Onuň awtorlary Marina Otero Werzýe we Jowanna Zabotti köne buthanany predmetleriň dikeldilýän we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwürdi.


Şeýle-de, Beýik Britaniýanyň pawilýony tapawutlandyryldy. Onuň ýolbaşçylary Ouen Hopkins, Ketrin Ýusoff, Kabage Karanja we Cave Bureau studiýasy boldy. Taslama binagärligiň, geologiýanyň we ekologiýanyň baglanyşygyny görkezýär.
Milli programmadan daşary “Altyn ýolbars” Diller Scofidio + Renfro amerikan býurosy, Natural Systems Utilities kompaniýasy we italiýaly şef-konditer Dawide Oldani tarapyndan döredilen Canal Café taslamasyna berildi. Ol Wenesiýanyň suwdaky ýaşaýşa nädip uýgunlaşyp biljekdigini görkezýän kafe boldy. Taslamada ýalpak aýlagdan suwy alyp, gaýtadan işläp, ony serginiň myhmanlary üçin kofe öwürýän ýörite ulgam görkezildi.
“Kümüş ýolbars” amerikaly binagär Keýt Kroufordyň we serbiýaly hudožnik Wladan Ýoleriň Calculating Empires işine berildi. Olar tarapyndan hödürlenen diagramma häkimiýetiň ýüzlerçe ýylyň dowamynda tehnologiýany we ylmy nähili ulanandygyny görkezýär.


Karýerasy üçin hormatly “Altyn ýolbars” ýogalandan soň italiýaly binagär Italo Rota berildi. Şeýle-de, ABŞ-dan filosof Donna Haraueý sylaglandy.
Eminler nigeriýaly binagär Tosin Oşinowyň (Lagosda galyndylary gaýtadan işlemegiň täze ulgamy üçin) we tailandly binagär Bunserm Premtadyň (pil dersinden döredilen kerpiçlerden ýasalan installýasiýasy üçin) taslamalaryny hem aýratyn belledi.
2025-nji ýylyň mart aýynda, köplenç, “binagärlik Nobeli” diýlip atlandyrylýan Pritsker baýragynyň ýeňijisi yglan edildi. Ol Hytaýdan 69 ýaşly binagär Lýu Szýakun boldy. 


şu gün 10:59
506

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 07:37
1.7k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
7.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......