Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?

  • 13.05.2025 19:18
  • 11k+

Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär. Bu barada A Bola neşiri habar berýär.

Baýrak bir möwsümiň dowamynda has köp utuk gazanan futbolça berilýär. Baýragyň hereket eden dürli döwürlerinde iň gowy bombardiri kesgitlemegiň düzgünleri hem tapawutlanypdyr. Häzirki möwsümde APL-de, La Ligada, Bundesligada, Seriýa A-da we fransuz Liga 1-inde her gol üçin futbolçy iki utuk alýar, ýöne Portugaliýanyň çempionatynda bir gol üçin oýunça bir ýarym utuk berilýär.
Şeýle tapawuda garamazdan, Dýokereş 57 utuk bilen birinji orna çykyp bildi – ol 38 gol geçirdi.
Ikinji orny “Liwerpulyň” oýunçysy Mohamed Salah eýeleýär, onuň hasabynda Angliýanyň Premýer-ligasynda 28 gol üçin 56 utuk bar.
Üçünji orna ýakynda geçirilen El-Klasikoda “Real” utulandan soň, klubuň hüjümçisi Kilian Mbappe çykdy. Şol oýunda futbolçy “Barselonanyň” derwezesine üç gol geçirdi we jemi 54 utuk gazandy.
Şeýle-de, ilkinji bäşlige “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski we “Bawariýanyň” esasy snaýperi Garri Keýn girýär. Oýunçylaryň ikisi-de öz çempionatlarynda 25 gol geçirip, 50 utuk gazandy. 


şu gün 10:24
2.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......