Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy

  • 13.05.2025 13:21
  • 7.5k+

Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär.

Topar meşhur «Enter Sandman» aýdymyny ýerine ýetirip başlanda, takmynan, 60 müň tomaşaçy böküp, el çarpmaga başlady. Bu reaksiýa toparyň muşdaklarynyň arasyndaky adaty bir däp bolup durýar. Şol wagt stadiondan 1,5 km uzaklykda ýerleşýän obserwatoriýadaky seýsmologlar bolup geçen ýeňil ýertitremäni hasaba aldylar. VTSO-nyň direktory Martin Çapmanyň sözlerine görä, bu titreme Rihter şkalasy boýunça 1,0 baldan hem pes bolup, stadiondan daşarda duýulmandyr.
Seýsmiki işjeňlik her näçe ujypsyz bolsa-da, bu waka internetde eýýämden Metallica Quake («Metallica titremesi») ady bilen tanalyp başlandy. Bu hadysa diňe muşdaklaryň konsertdäki hereketleri sebäpli ýüze çykypdyr.
Şeýle «emeli ýertitremeleri» döretmäge diňe Metallica-nyň muşdaklary däl, eýsem Trewis Skott bilen Teýlor Swiftiň muşdaklary hem ukyply. Mysal üçin, Teýlor Swiftiň 2023-nji ýylda Sietl şäherindäki çykyşynda 2,3 magnitudaly seýsmiki işjeňlik ýüze çykypdy.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......