Google Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny üýtgetdi

  • 12.05.2025 16:40
  • 3k+

Google kompaniýasy Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny täzeledi. Indi smartfonyň baş ekranyndaky gözleg paneli has giňeldi we döwrebap boldy. Ol Material 3 Expressive konsepsiýasyna laýyk gelýär – bu geljekki Android wersiýalarynda ulanyljak täze wizual stildir.

Ozal gapdallary aýlawly wijet çep tarapda “G” harpy görnüşinde Google logotipini, sag tarapda bolsa mikrofon we Google Lens üçin belgileri öz içine alýardy. Täze dizaýnda Circle to Search funksiýasynyň düwmesi goşuldy we ol aýratyn tegelekde ýerleşdirildi – bu gözlemäge, tekst terjime etmäge, aýdym-saz gözlemäge, howany barlamaga we kamera terjimesini ulanmaga mümkinçilik berýän EA funksiýasydyr.
Wijetiň iň pes giňligi indi ähli elementleri görkezmek üçin öňki 3x1-iň deregine 4x1 boldy. Paneliň daşky görnüşi ekranyň durulyk derejesine baglylykda üýtgeýär.
Täzelenen dizaýn Google programmasynyň 16.17 beta-wersiýasynda elýeterlidir. Synaglar tamamlanandan soň, wijet hemme ulanyjylar üçin elýeterli bolar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....