Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy

  • 12.05.2025 16:13
  • 3.4k+

SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir.

Hytaýda bu model 236,8 - 266,8 müň ýuan (takmynan 32,7 - 36,9 müň dollar) aralygyndaky bahadan hödürlenýär. 31-nji maýda milli subsidiýany hasaba almazdan, 58 müň ýuana çenli (8 müň dollardan gowrak) arzanladyş bar.
Krossower 220 at güýji bolan 2,0 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji we “çygly” ssepleniýeli 7 tizlikli robot DSG geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. 5,8-6,3 sekuntda 100 km / sag tizlige çykýar. Ýangyç sarp edişi 100 km üçin 7,27- 7,8 litre çenli.
Model alty sany komplektasiýada hödürlenýär, olaryň ikisi tekerleri doly hereketlendirýän ulgam bilen enjamlaşdyrylan.
Krossower ajaýyp dizaýny, baý enjamlary we tehniki häsiýetnamasy bilen eýýäm ünsi özüne çekdi.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......