Ýaponiýanyň ispace-niň Resilience moduly 4 aýlyk uçuşdan soň Aýyň orbitasyna ýetdi

  • 12.05.2025 07:03
  • 2.5k+

Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň ýanwar aýynda Hakuto-R Mission 2 missiýasynyň çäginde uçurylan Resilience Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi. Apparaty 5-nji iýunda Ýeriň hemrasynyň üstüne gondurmak meýilleşdirilýär diýip, işläp düzüjiler habar berdiler.

Apparat Firefly Aerospace-iň Blue Ghost amerikan moduly bilen bilelikde Falcon 9 raketasynda uçuryldy. Blue Ghost Aýa çalt baryp, mart aýynyň başynda gondy we iki hepdelik ylmy programmany üstünlikli tamamlady. Resilience başga ugur bilen gidip, dört aý töweregi uçdy, şeýle ugur ýangyç tygşytlamak üçin saýlanyp alyndy. Apparat indi bir aý töweregi orbitada galar we soňra Sowuklar Deňzi sebititine gonmaga synanyşar.
Modulda üç sany ylmy gural we kiçeňräk rower bolan Tenacious bar. Ol  ispace bilen NASA-nyň arasyndaky şertnamanyň çäklerinde gonan ýerinden Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaly. Şeýle hem, Aýda şwesiýaly suratkeşiň skandinawiýa äheňinde ýasan kindiwanja jaýyny oturtmak meýilleşdirilýär.
Resilience ispace-iň ikinji Aý modulydyr. Birinjisi Hakuto-R Mission 1 missiýasynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň dekabrynda uçuryldy, ýöne beýiklik datçiginiň ýalňyşlygy sebäpli 2023-nji ýylyň aprelinde Aýa gonjak bolanda gaçyp döwüldi. Şondan soň kompaniýa ulgamy kämilleşdirdi we indi missiýanyň has üstünlikli tamamlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Üstümizdäki ýylyň mart aýynda Intuitive Machines-iň Athena moduly hem Aýa gonmaga synanyşdy, emma ol agdaryldy  we öz ylmy programmasyny ýerine ýetirip bilmedi. Geçen ýyl şuňa meňzeş şowsuzlyk ondan öňki Odisseus modulynda hem ýüze çykdy.


düýn 11:18
940

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......