Iň howpsuz messenjerleriň sanawy düzüldi. Telegram 10-lukda ýok

  • 10.05.2025 14:17
  • 6.6k+

Russiýanyň Artezio kompaniýasynyň analitikleri iň howpsuz messenjerleriň her ýylky sanawyny täzelediler. Bilermenleriň pikirine görä, howpsuzlygyny ýitiren meşhur Telegram messenjeri 2025-nji ýylyň sanawyndan aýryldy.

«Hi-Tech Mail.ru» portaly tarapyndan çap edilen gözlegde bilermenler 40-dan gowrak messenjeri habarlaşmagyň 60-dan gowrak gorag ugry boýunça barladylar. Hususan-da, haker hüjümlerine garşy durnuklylyk, hatlaryň tutulmagy we maglumatlaryň paş edilmezligi, şifrleme ygtybarlylygy hem-de trafik bilen işleýän algoritmler göz öňünde tutuldy.
Netijede, iň howpsuz diýlip ykrar edilen bäş messenjeriň sanawy:

  1. Signal — ABŞ-da işlenip düzülen, sada interfeýsli açyk çeşmeli messenjer. Hatlaryň mazmunyny «end-to-end encryption» arkaly şifrleýär, ulanyjylaryň maglumatlaryny saklamaýar we mahabat görkezmeýär.
  2. Olvid — hasaba alyşda telefon belgisi ýa-da e-poçta talap etmeýän, aldawçylara garşy ýerli gorag ulgamy bolan fransuz messenjeri.
  3. Threema — hasaba alyşda telefon belgisi talap etmeýär. Şahsy we iş çatlaryny aýry saklamak üçin «izolirlenen giňişlikler» tehnologiýasyny goldaýar.
  4. Element (Matrix) — maglumatlary merkezleşdirilmedik serwerlerde saklaýan açyk çeşmeli messenjer.
  5. Session — Oxen blokçeýnine esaslanýan messenjer bolup, maglumatlaryň gizlinligini üpjün edýär, şeýle-de onuň arhitekturasy aýratyn tor düwünleri bozulan halatynda-da goragy üpjün edýär.

Iň howpsuz on messenjeriň hatarynda şeýle hem Wickr, Wire, Apple iMessage, WhatsApp we Viber bar.
Analitikleriň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylda howpsuzlyk syýasatyna girizilen üýtgeşmeler sebäpli, Telegram ygtybarlylyk boýunça ep-esli yza galdy. Şeýle-de Telegram-daky ähli söhbetdeşlikler henizem deslapky ýagdaýda «end-to-end encryption» arkaly şifrlenmeýär.


04.03.2026 12:15
1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
748

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...