Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynda “PSŽ” bilen “Interiň” ýeňiş gazanmak mümkinçiligini hasaplady

  • 09.05.2025 16:33
  • 16k+

Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlarynyň netijelerini seljerip, haýsy toparyň finalda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny kesgitledi. Kubok üçin esasy dalaşgär “Pari Sen-Žermen” boldy. Onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 53,6%-e deň.

Finalda Pariž toparynyň garşydaşy Milanyň “Interi” bolar, superkompýuter onuň ýeňiji bolmak mümkinçiligini 46,4% diýip hasaplaýar.
Finala çykmak üçin “PSŽ” Londonyň “Arsenalyny” iki oýnuň jemi boýunça 3:1 hasabynda utdy. “Inter” bolsa “Barselonadan” güýçli boldy, ol birinji oýunda 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady, ikinjide bolsa 4:3 hasabynda utdy.
Çempionlar ligasynyň final oýny 31-nji maýa meýilleşdirilýär we Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçiriler.
Belläp geçsek, “PSŽ” öz taryhynda bu ýaryşda bir gezek hem ýeňiji bolmady, “Inter” bolsa kubogy üç gezek aldy. 


düýn 23:41
2.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.6k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......