Samsung inçe we kuwwatly Galaxy F56 smartfonyny hödürledi

  • 09.05.2025 16:27
  • 7.4k+

Samsung kompaniýasy Galaxy F hatarynda iň inçe smartfon bolan täze Galaxy F56 smartfonyny çykardy. Korpusyň ýogynlygy – bary-ýogy 7,2 mm. Aprel aýynyň ortalarynda çykan Galaxy M56 smartfony hem şeýle korpusa eýe bolupdy.

Samsung Galaxy F56 Full HD+ durulygy we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Displeý berk Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralan we 1200 nite çenli ýagtylyga eýe boldy.
Smartfonyň işine Exynos 1480 prosessory, öndürijilige 8 GB LPDDR5X operatiw ýady jogap berýär. Içki ýat 128 ýa-da 256 GB bolup biler. Satyn alnandan soň smartfona One UI 7 interfeýsi bilen iň täze Android 15 operasion ulgamy gurnalar. Öndüriji operasion ulgamyň alty uly täzelenmesini wada berýär. Netijeli sowadyş üçin “bug kamerasy” ulanylýar.
Smartfon 5000 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy we 45 Wt çalt zarýad berşi goldaýar. Yzky panel hem Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralan, gapdal çarçuwasy plastikden, kamera blogy bolsa metaldan ýasalan. Smartfonyň esasy kamerasy 50 Mp bolup, optiki şekil durnuklaşdyrmasy bar we sekuntda 30 kadr ýygylygy we 10 bit HDR bilen 4K formatda wideo ýazyp bilýär. Frontal kamera – 12 Mp. Samsung Galaxy F56 smartfony Samsung Wallet töleg hyzmaty arkaly täze Tap & Pay funksiýasyny goldaýar, şeýle-de Samsung Knox howpsuzlyk ulgamy bar.
Hindistanda eýýäm aşakdaky bahalar bilen smartfonyň satuwy başlady:

  • ·8 GB operatiw we 128 GB içki ýat üçin 26 000 rupiýa (takmynan $304);
  • ·8 GB operatiw we 256 GB içki ýat üçin 29 000 rupiýa (takmynan, $340).

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...