Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagyndan öň ABŞ-nyň söwda defisiti rekord $140,5 mlrd dollara ýetdi

  • 09.05.2025 12:27
  • 7.2k+

ABŞ-nyň söwda balansynyň defisiti mart aýynda fewral bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 140,5 milliard dollara ýetdi. Bu maglumatlary Ykdysady seljeriş býurosy mälim etdi.

2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, bu defisit iki esse diýen ýaly artdy – 92,6%. «Bloomberg» agentliginiň soragnamasyna gatnaşan analitikleriň ortaça çaklamalary 137,2 milliard dollar töweregindedi.
Mart aýynda ABŞ-nyň eksporty 278,5 milliard dollar bolup, fewral bilen deňeşdirilende bary-ýogy 0,2% ýokarlandy. Şol bir wagtda import 4,4% artdy – 419 milliard dollara ýetdi.
Geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, import 23,3% ýokarlandy. Bu ösüşiň esasy sebäbi daşary ýurtlardan, esasanam, Hytaýdan getirilýän harytlaryň işjeň satyn alynmagy boldy. Bu ýagdaý Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilmegine garaşylýan täze gümrük paçlarynyň öňüsyrasynda ýüze çykdy.
Kompaniýalar täze nyrhlar güýje girmezinden ozal, goşmaça çykdajylardan gaça durmak üçin ätiýaçlyklaryny köpeltdiler.


şu gün 14:40
660

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......