Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy

  • 09.05.2025 09:24
  • 5.1k+

8-nji maýda Watikanda konklaw tamamlandy. Täze Rim papasy hökmünde Çikagodan (ABŞ) Robert Frensis Prewo saýlandy. Ol taryhda 267-nji papa boldy we özüne Şir XIV adyny aldy.

Täze papanyň saýlanandygy Sikstin kapellasynyň üçegindäki turbadan ak tüsse goýberilmegi bilen yglan edildi – bu dalaşgärleriň biriniň kardinallardan zerur ses sanyny alandygynyň we täze papa bolmaga razy bolandygynyň alamatydyr.
The New York Times gazetiniň habar bermegine görä, Robert Prewo Rim-katolik buthanasynyň başynda ilkinji amerikan boldy.
Täze papa Şir XIV-niň wepalylara ýüzlenen ilkinji sözleri “Parahatçylyk size” boldy.
Papa Şir XIV-niň ABŞ-da doglandygyna garamazdan, ol italýan we ispan dillerinde gürleýär, ýöne iňlis dilini bilmeýär diýip, NYT neşiri belleýär. Reuters agentligi bolsa, tersine, onuň iňlis, ispan, italýan, fransuz we portugal dillerinde gürleýändigini habar berýär.
Öňki pontifik, papa Fransisk 21-nji aprelde insult sebäpli 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol 26-njy aprelde jaýlandy, onuň tabydy bolsa Santa-Mariýa-Majore bazilikasynyň mazarynda ýerleşdirildi. Ol buthana 2013-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edipdi.
Konklaw 7-nji maýda agşam öz işine başlady we bir günden gowrak wagt dowam etdi. Papany saýlamak üçin dört gezek ses bermeli boldy.
Saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin bolsa papa sesleriň azyndan üçden ikisini (bu gezek mümkin bolan 133 sesden 89) almalydy. Papa Fransiski, Benedikt XVI-ny we Ioann Pawel II-ni saýlan öňki konklawlar iki-üç gün dowam etdi. Taryhda iň uzak dowam eden konklaw XIII asyryň ikinji ýarymynda bolup, tas üç ýyla çekdi.

düýn 22:54
566

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......