ABŞ-da 8-nji maý resmi taýdan Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip tassyklandy

  • 09.05.2025 09:56
  • 9.9k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýy Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Resminama Ak tamyň web sahypasynda çap edildi.

Jarnamada şol gün amerikanyň halkynyň gurban bolanlaryň hemmesini hatyralap sarpalaýandygy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we dünýäniň howpsuzlygyny, azatlygyny we abadançylygyny goramak borjuna wepalylygyny tassyklaýandygy aýdylýar.

"Bu gün biziň ýurdumyz soýuzdaş güýçleriň milletçi-sosializmden we faşizmden üstün çykmagynyň 80 ýyllygyny buýsanç bilen belleýär. Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňiş güni biz Amerikanyň ýaragly güýçleriniň deňsiz-taýsyz güýjüni we kuwwatyny baýram edýäris we azatlyga bolan mukaddes hukugymyzy ähli daşarky we içerki howplardan goramaga borçlanýarys” – diýip, resminamada aýdylýar.

ABŞ 1941-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýa Pýorl-Harbora çozandan soň söweşe girdi. Ondan öň 1939-njy ýyldan başlap Ýewropa ýurtlarynyň aglabasy, şeýle hem 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda söweşe giren Sowet Soýuzy Germaniýa garşy göreşýärdi.
Jarnamada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň urşuň dowamynda 250 000 töweregi adamy ýitirendigi aýdylýar. Trampyň sözlerine görä, şol pidalar bolmasa, "uruşda ýeňiş gazanyp bolmazdy" we dünýä "düýbünden başgaça görnerdi".
Resminamada 1945-nji ýylyň 8-nji maýy Germaniýanyň gürrüňsiz boýun egdirilendigini, şeýle hem "uzak dowam eden, rehimsiz we gan döküşikli urşuň soňunyň gelendigini" alamatlandyrýar diýip görkezilýär.
Faşistik Germaniýanyň gürrüňsiz boýun egdirilendigi baradaky akta 8-nji maýda Berlinde ýerli wagt bilen sagat 22:43-de gol çekildi. Gündogar Ýewropanyň aglaba böleginde, şol sanda Moskwada, şol wagt täze güne - 9-njy maýa geçilipdi. Ikinji jahan urşy biraz gijräk, 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň boýun egdirilendigi hakyndaky akta gol çekilenden soň tamamlandy.


şu gün 19:37
405

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.4k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....