Xiaomi täze Mix 5 bilen Mix smartfon hataryny dikeldýär

  • 09.05.2025 09:44
  • 1.9k+

Xiaomi kompaniýasy Mix smartfonlarynyň hataryna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Bu barada hytaýly insaýder Digital Chat Station habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa täze Xiaomi Mix 5 modeliniň önümçiligine taýýarlanyp başlady. Smartfon seriýanyň öňki gurluşlary ýaly ekranasty frontal kamera we çarçuwasyz dizaýna eýe bolar.
2016-njy ýylda çykarylyp başlanan Mix hatary innowasion çözgütler bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, Xiaomi Mix 1 ekranyň aşaky böleginde frontal kamera bolan ilkinji smartfon boldy. Xiaomi Mix 3 iki frontal kamerany we çarçuwasyz dizaýny hödürledi. 2021-nji ýylda çykan soňky model Xiaomi Mix 4 brendiň ekranasty kamera eýe bolan ilkinji gurluşy boldy.
Insaýder Xiaomi-niň birnäçe ýyl bäri ekranasty kamera tehnologiýasyny kämilleşdirýändigini belleýär. Şeýle kameralaryň esasy meselesi pikselleriň dykyzlygynyň pesligi sebäpli bellibir burçlarda obýektiwiň görünmegidir. Kompaniýa frontal kameranyň düýbünden görünmezligi üçin, bu kemçiligi aradan aýyrmagyň üstünde işleýän bolsa gerek.
Digital Chat Station Xiaomi Mix 5-iň çykmak ähtimallygyny 98% diýip hasaplaýar. Smartfonyň çykjak senesi heniz belli däl. Insaýderiň aýtmagyna görä, bu soňky ýyllarda Xiaomi-niň SU7 elektromobiliniň çykmagy bilen bir hatarda iň möhüm taslamalarynyň biri bolar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...