Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada dabaraly harby ýörişe gatnaşar

  • 08.05.2025 17:03
  • 26k+

Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly rotasy 9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek Ýeňiş baýramynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl Moskwa şäherindäki 9-njy maý - Beýik Ýeňşe bagyşlanan dabaralara gatnaşmagy biziň doganlyk halklarymyzyň uly sarpasyndan nyşandyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýony 2010-njy hem-de 2020-nji ýyllarda Gyzyl meýdandaky harby ýörişe gatnaşdy. Olar 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hem Gyzyl meýdandan geçerler" diýip, ilçi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belläp geçdi.

Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uruşda wepat bolanlaryň hormat-sarpalanmagy babatda uly işler amala aşyrýandygyny belledi.
Ilçiniň bellemegine görä, Ýeňiş güni türkmen topragynda hem uludan bellenýär. Aşgabatda we ýurduň dürli künjeklerinde konsertler, sergiler, kino filmleriň görkeziliş dabaralary geçirilýär. Şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselleri goýulýar.
Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......