Met Gala 2025-de ýyldyzlar näme geýdi

  • 11.05.2025 14:45
  • 22k+

5-nji maýda Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinde Met Gala haýyr-sahawat baly geçirildi. Bu Kostýum institutyny goldamak üçin her ýyl geçirilýän çäre we moda sergisiniň başlangyjydyr. Şu ýyl çäräniň esasy temasy Superfine: Tailoring Black Style (“Birkemsiz: Tikinçilik sungatynda gara stil”) boldy.

Serginiň kuratorlary – Endrýu Bolton we çagyrylan hünärmen Monika L. Miller özüňi görkezmegiň, erkinligiň we hatda garşylyk görkezmegiň usuly hökmünde garaýagyz erkekleriň stiline ünsi çekdi. Sergi “Barlyk”, “Erkinlik”, “Stil” ýaly 12 tematiki bölümden ybarat. Ol gulçulyk döwründen başlap, häzirkizaman medeni liderine çenli ýoly yzarlaýar.
Met Gala 2025-iň dress-kody Tailored for You (“Siziň üçin tikilen”) adyny aldy. Obrazlaryň arasynda zut-suitler, taryhy siluetler we XX asyryň afroamerikan estetikasy bar.
Balyň egindeş başlyklary aktýor Kolman Domingo, sazandalar A$AP Rocky we Farrell Uilýams, awtoulag ýaryşyna gatnaşyjy Lýuis Hemilton we Vogue-niň redaktory Anna Wintur boldy. Hormatly başlyk bolsa basketbolçy Lebron Jeýms boldy.
Met Gala 2025 450 töweregi myhmany jemledi, olaryň arasynda Nikol Kidman, Demi Mur, Rianna, Zendaýa, Şakira, Priýanka Çopra, Lana Del Reý, Dua Lipa, Madonna, Simona Baýlz we Stiwi Uander hem bar.

Zendaýa Louis Vuitton-yň eşiginde

Nikol Kidman Balenciaga-da

Bad Bunny Prada-da

Rianna Marc Jacobs-da

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton Wales Bonner-de

Joui King Miu Miu-da

Enn Heteueý Carolina Herrera-da

Barri Keogan Valentino-da

Nik Jonas we Priýanka Çopra Balmain-de we Bulgari-niň bezeglerinde

Aktýor Kolman Domingo gyzyl ýodada Valentino-dan iki obrazy görkezdi

Repçi Andre 3000 obrazyny Burberry bilen hyzmatdaşlykda döretdi

Žanel Mone Balmain-de

Sazanda Farrell Uilýams Louis Vuitton-da

Monika Barbaro Dior-da

Çäre 31 mln dollar ýygnap, rekord goýdy. Aýry-aýry petekleriň bahasy 75 müň dollara ýetdi, bu bolsa balyň taryhynda iň ýokary bahadyr.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....