Google kompaniýasy Android ulgamy üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Näme zat üýtgeýär?

  • 08.05.2025 14:11
  • 2.3k+

Google-yň resmi blogunda Android ulgamynyň täze dizaýn konsepsiýasy barada ýazgy peýda boldy. Bu ýazgyda täze ulgamyň nähili boljakdygy görkezilýärdi. Ekran şekillerine görä, täze Android has düşnükli, ýagty, reňkli we aňsat bolar. Bu ýazgy blogdan tiz wagtda pozuldy, emma internetde ýaýrap ýetişdi diýip, «TechCrunch» habar berýär.

Android operasion ulgamynyň häzirki dizaýn konsepsiýasy «Material 3» diýlip atlandyrylýar. Täze görnüşiň ady bolsa – «Material 3 Expressive». Google bu täzelenmäni «iň kämil» görnüş diýip atlandyrýar. Maksat – interfeýsi has özüne çekiji we ulanmak üçin has aňsat etmek.
Täze dizaýnyň üstünde işlenilýän döwürde, Google ulanyjylaryň interfeýsde haýsy zatlara üns berýändigini, dürli görnüşlere nähili reaksiýa bildirýändigini we täzeliklere çalt uýgunlaşyp-uýgunlaşmaýandygyny öwrenipdir. Mysal üçin, progres görkezijisi (progress bar) bilen baglanyşykly geçirilen synaglarda, haýsy görnüşiň adamlara «garaşmaly wagtyň geçendigini» has çalt duýdurýandygy soralypdyr. Şeýle hem düwmäniň haýsy ölçeginiň, basylanda, has çalt hereket etmäge mümkinçilik berýändigi öwrenilipdir.
Geçirilen gözlegleriň netijesinde, Google interfeýsi has amatly we düşnükli etmek üçin täze şekilleri, reňk äheňlerini, elementleriň ululyklaryny we animasiýalary ulanmak kararyna gelipdir. Içki synaglardan syzyp çykan netijelerine görä, «Material 3 Expressive» dizaýn konsepsiýasyna geçilensoň, ulanyjylar interfeýsiň esasy elementlerini tapmak üçin öňküsinden dört esse az wagt sarp edipdirler. Şeýle-de 45 ýaşdan uly ulanyjylar bu işi ýaşlar bilen deň derejede çalt ýerine ýetiripdir.
Täze «Material 3 Expressive» dizaýnynyň Google tarapyndan maý aýynda geçiriljek Google I/O konferensiýasynda resmi ýagdaýda görkezilmegine garaşylýar.


30.03.2026 19:48
1.4k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.6k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
1.9k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...

10.03.2026 18:32
1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...