“PSŽ” ikinji gezek “Arsenaly” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 08.05.2025 08:23
  • 8.9k+

Parižiň “PSŽ” kluby Londonyň “Arsenalyny” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 1/2 finalyň jogap oýny Fransiýanyň paýtagtyndaky “Park de Prens” stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

27-nji minutda parižlileriň ýarymgoragçysy Fabian Ruis hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymynda, 69-njy minutda “PSŽ” penaltiden hasaby artdyrmak mümkinçiligini gazandy, ýöne garşydaş toparyň derwezebany Dawid Raýýa Witinýanyň urgusyny yzyna gaýtaryp, öz toparyna oýna gaýdyp gelmäge kömek etdi. Şeýle-de bolsa, ýene üç minutdan Pariž toparynyň oýunçylary goragçy Aşraf Hakiminiň goly bilen artykmaçlyk gazanyp bildi. Myhmanlar 76-njy minutda Bukaýo Sakanyň tagallasy bilen bir gol gazandy, ýöne ondan artyk gola güýçleri ýetmedi.
Iki oýnuň jemi boýunça 3:1 hasaby “PSŽ-ni” ýaryşyň finalyna çykardy. Aýgytly oýunda parižliler kubok ugrunda Milanyň “Interi” bilen bäsleşer. Ol bir gün öň “Barselonany” utupdy.
Final duşuşygy 1-nji iýuna geçilýän gije Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda bolar.
“Pari Sen-Žermen” taryhynda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykýar. 2020-nji ýylda topar Mýunheniň “Bawariýasyndan” utulypdy (0:1).
“Inter” Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň finalynda alty gezek oýnady we kubogy üç gezek – 1964, 1965 we 2010-njy ýyllarda galdyrdy. Soňky gezek ol “Bawariýany” utup (2:0), çempionlyk gazandy. 2023-nji ýylyň finalynda “Inter” kubogy “Mançester Sitä” aldyrdy. 


şu gün 13:40
4.2k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......