“1234”, “söýgi”, “Gün”, “çaý”… internetdäki parollaryň 94%-i örän gowşak bolup çykdy

  • 05.05.2025 16:08
  • 5.5k+

Soňky ýyllarda internet ulgamyna şahsy maglumatlaryň syzýan ýagdaýlary köp boldy. Cybernews-den gözlegçiler şeýle bazalardan 19 milliard paroly seljerip, şeýle netijä geldi: parollaryň 94%-i gowşak, bir görnüşli we aňsat bilinýärdi.

“Biz gowşak parollaryň gaýtadan ulanylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Parollardan diňe 6%-i özboluşly bolup, bu köp sanly ulanyjylary hüjüm üçin gowşak edýär. Adamlaryň köpüsi üçin ýeke-täk gorag diňe iki şertli autentifikasiýa bolup galýar – eger ol, elbetde, işjeňleşdirilen bolsa” – diýip, Cybernews-den maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmen Neringa Masiýauskaýte belledi.  

Topar 19 milliarddan gowrak paroldan diňe, takmynan, 1,14 milliardyň özboluşlydygyny anyklady. “1234” ýaly ýönekeý parol 727 million gezekden köp ulanylypdyr. Köp ýagdaýlarda bu ulanyjylaryň gurluşy satyn alandan soň ilkibaşdaky sazlamalary üýtgetmeýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Ulanyjylaryň aglabasy ulgamyň has gysga parol saýlamaga rugsat bermeýändigi üçin 8 ýa-da 10 nyşandan ybarat parollary ulanýar. Üstesine-de, parollaryň üçden biri diýen ýaly ýörite nyşanlar bolmazdan diňe setir harplardan we sanlardan düzülýär, bu hem hüjümler üçin gowşaklygy ýokarlandyrýar. Ýöne iň erbet tarapy, adamlar kezzaplar tarapyndan aňsatlyk bilen döwülýän bellibir sözleri ýa-da jümleleri ulanýar.

Iň meşhur parollar, köplenç, şu aşakdaky umumy sözleri öz içine alýar:

  • ·Oňyn pikirler: söýgi (87 mln), Gün (34 mln), arzuw (6,1 mln), şatlyk (6,9 mln);
  • ·Pop-medeniýetiň adalgalary: Mario (9,6 mln), Joker (3,1 mln), Betmen (3,9 mln), Tor (6,2 mln);
  • ·Şäherler we ştatlar: Rim (13 mln), Dakota (1,2 mln), Tehas (1,1 mln), Karolina (1,9 mln)
  • ·Azyk önümleri: pizza (3,3 mln), alma (10,7 mln), çaý (36 mln), apelsin (3,6 mln).

Masiýauskaýte ygtybarly parolyň 12 tötänleýin nyşandan ybarat bolmalydygyny belledi. Ýönekeý we ýatda galyjy sözler kezzaplara döwmek üçin ýeňillik döredýär.  

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......